ÝÜREGI ÝUWUJY SERIŞDE

     Hiç ýadymdan çykanok: Ýaňy dil bitenje ilkinji perzendini ýaş ene ullakan legene salyp, suwa düşürýär. Bu meniň gözüm bilen seredeniňde şeýle. Çagajygyň nazaryngan garasaň, olar «pöwşül-pöwşül» oýnuny oýnaýarlar. Her gezek depesinden suw akydylanda hopugyp, «owfuldaýan» oglanjyk gözlerini ýumup, iki eli bilen çalt-çaltdan ýüzüni sylýar. Ejesi çaganyň ünsüni sowmak üçin: «Hany, eljagazlaryňy ýuwaly, indi aýajyklaryňy ýuwaly, hany ýüzüňi ýuwaly, saçyňam arassaja bolsun» diýen ýaly sözler bilen çagany güýmemäge çalyşýardy. Bu zatlar meniň hakydama berk bitilipdir. Emma oňa garanyňda, aňyma has jebis bellenen zat ol görnüşi synlap durkam şol çagajygyň aýdan üç sözi boldy: 1. «Eje!» 2. «Ýüregimem» 3. «Ýuwsana!»

     Ene onuň ýüregini ýuwandyr, edil ýaşajyk Magtymgula, kiçijek Röwşene — Görogla erenler ak pata berenlerinde, olaryň kalbyny ýuwuşlary ýaly, ýuwandyr. Uzyn gijeler sallançagyň badyny gowşatman çykanda, çirim etmän, daňyny atyrýança aýdyp beren hüwdüleri bilen ýuwandyr. Soňra oňa aýdyp beren ertekileri bilen ýuwandyr. «Görogludan» okap beren kyssalarydyr Magtymguludan okap beren şygyrlary bilen ýuwandyr. Töweregiňe göz aýlasaň, şeýle «ýuwujy serişdeler» bilen ýüregi ýuwlan çagalary, çagalykda şeýle usul bilen kalby saplanan ululary näçe diýseň görmek bolýar.

     Hanha olaryň biri eljagazyna kiçijek kepje pilini alyp, ýaşajyk nahal oturtmakçy bolýan atasyna kömekleşýär. Goja oňa mukaddes kitaplardaky sözlere salgylanyp: «Ertir kyýamat gopjagyny bilseňem, bu gün nahal ekgin!» diýip sargaýar. Oglanjygyň gözleri göreldeden ganýar, gulagy pentden — bu ikisi birigip hem, elbetde, ýürege ornaýar.

     Ine, mekdep okuwçysy gyzjagaz zähmet sapagynda öwrenen hünärini ejesine görkezip, enäniň berjek bahasyna garaşýar. Enesi onuň sünnäläp ören alaja ýüpüni synlap, «Berekellasyny» ýetirýär. Bärden gaýdan ýerlerine düzediş berýär. «El hünäri il gezer» diýipdirler, şeýdiberseň, ökdelärsiň» diýip, perzendini höweslendirýär.

     Anha, ýene bir oglanjyk mekdepden öýe berlen ýumşy özleşdirmek üçin yhlas edýär. Magtymgulynyň «Türkmeniň» goşgusyny ýat tutmak üçin şygryň her bendini okanyndan soň, nazaryny göge dikip, ony ýatdan gaýtalaýar. Häzir ol goşgyny ýat tutup bolar-da, ejesiniň ýa kakasynyň öňünde synagdan geçer. Onsoň ulular onuň tarypyny ýetirip, Gurbannazar Ezizowyň «Türkmen sährasy» diýen kitabyny hem okamagy maslahat bererler. Ol bolsa Watanyňy gursagyňa urup däl-de, edil eneňi söýşüň dek söýübermelidigini öwreder oňa. Bu sözler hem ýüregiň daşdan däl-de, içden ýuwulýanlygynyň subutydyr.

     Ady agzalan kitabyň 150-nji sahypasynda aňsatlyk bilen tapmak üçin ýörite goýan belligim bar. Şol sahypadaky goşgy hem meniň üçin belli bir derejede «Ýüregi ýuwujy serişde» bolupdy. Ol goşgy — «Topragym» («Topragym» kitabyň soňraky neşirinde iň ilkinji goşgy hökmünde ýerleşdirilipdir). Ony bu ýerde doly getirsem, sözümi uzaltdygym boljak (Özüňiziň arkaýyn okamagyňyz üçin sahypasyny ýörite ýaňzytdym). Ine, onuň ilkinji bendi:

Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,

Galplygam etmedim, Hudaýa şükür.

Käte göge galdym, kä gökden indim,

Emma hiç ýitmedim, Hudaýa şükür.

     Bu bent maňa hemişe bir tymsaly ýatladýar. Ol maňa şahyryň ýokarky bentde hem başga bir şygrynda: «Sen sag-aman öreniňe monça bol» diýip sargaýşy ýaly, şükür edere halymyzyň bardygyny, şükür edere zadymyzyň köpdügini duýdurýar:

     Säher bilen meýdanda torgaý saýraýar eken. Ol bu ajaýyp güni, gözel zemini, asmany, howany — ajaýyp ömri beren Ýaradana alkyş aýdyp saýraýar eken. Bu kiçijek guşjagaza bakyp, adamlar geň galypdyrlar:

     — Gör-le muny, şujagaz göwresi bilenem sesi juda belent çykýar.

Torgaý bolsa käte ýokardan adamlara seredip, geň galarmyşyn:

     — Gör-le bulary, şeýle uly hem güýçli, özlerem Hudaýyň ýaradanlarynyň naýbaşysy, şonda-da alkyş sesleri juda pessaý çykýar...

     Bu-da meniň üçin «ýüregi ýuwujy serişde». Her gezek ony okaýan-da, şu epeý göwräm bilen kiçijek torgaýy geňirgendirmezlik hakda oýa batýaryn. Säherler torgaýyň saýraýanyny eşitsem, bu tymsal ýadyma düşýär. Göge garap, Biribara alkyş aýdýaryn, şükür edýärin. «Bissimilla» bilen öýden çykyp, toprak üste gadam goýanymda «Topragym» ýadyma düşýär. Onsoň topraga garap:

     «Çalyşman daş ýurduň gülleri bilen

     Aýakda yz goýan seniň tikeniň» diýip, oňa ýüzlenýärin. Käte-de şol ýokarky çagajygyň: «Eje, ýüregimem ýuwsana!» diýşi ýaly, birde göge garap, birde-de ýere bakyp: «Ýüregimem ýuwsana!» diýip pyşyrdaýaryn…

 

Orazmyrat MYRADOW,

žurnalist.

Öňki makala

ÝOLBARS HEM IT

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR