Günlerde bir gün ýolbarsyň ýanyna bir it barypdyr-da, oňa uruşmagy teklip edipdir. Emma şir onuň teklibini piňine-de almandyr, oňa ünsem bermändir. Şonda it jabjynyp üýrüpdir-de, şeýle diýipdir:
— Eger sen meniň bilen uruşmasaň, men giderin-de, dostlaryma: «Ýolbars menden gorkýar, ol barypýatan züwwetdin» diýerin.
Ýolbars agraslyk bilen şeýle jogap beripdir:
— It bilen urşanym üçin ýolbarslaryň ýigrenjine galanymdan, goý, itler meni gorkaklykda ýazgarsynlar…
Terjime eden:
Orazmyrat MYRADOW.