BAR ZADYŇ HÖZIRINI GÖR...

     Ol gözüniň öňündäki ähli hazynalaryny ýygnamak isledi. Elinde bar ähli zadyny satdy we düşen bahasyna hem bir altyn guýmasyny satyn aldy. Soňra öýüniň howlusyndaky bir ýaşyryn ýere gelip, çuň çukur gazdy we altyn guýmasyny şol ýere gömdi. Her aýda genji-baýlygyny görmek üçin çukury gaýtadan gazardy. Gündiziň ep-esli bölegini çukuryň gabat garşysynda oturyp geçirerdi. Höwesini, güýmenjesini, küýsegini, hyýalyny şoňa gönükdirer oturardy. Soňra başga biri göräýmesin diýen howatyrlanma bilen ýene-de onuň üstüne gaýtadan gum sürerdi.

     Şeýle-de bolsa takdyr ony hoşuna gelmejek duýdansyz bir zada uçratdy. Onuň çukuryň öňünde ep-esli wagt sermisal bolup oturanyny adamlaryň biri görüpdir hem-de bu işde nähilidir bir syryň bardygyna anyk göz ýetiripdir. Hum eýesiniň giderine mähetdel, ol ýeri köwüp başlady we altyn guýmasynyň üstünden baryp, ony ogurlady...Hum eýesi öňki endigine görä hazynasyny görmäge geldi. Ony tapmady we akylyny ýitirene döndi. Zenan maşgala ýaly hünübirýan aglap, gözýaş döküp başlady. Goňşusy onuň bu halyny görensoň, «eýgilikmi?» diýip sorady. Hum eýesi ähli wakany we pajygaly soňy beýan etdi. Goňşusy bu adamyň öte husytdygyny, barmagyndan damanyny dodagy bilen ýalap alýan syrnyh biridigini, ne özüne, ne çagalaryna hiç bir zadyny dözmeýändigini magat bilýärdi. Goňşusy oňa bir üýtgeşik teklip etdi. «Hol zyňylgy daşlaryň arasyndan bir daşy al-da, şol ýere gömüp goý. Sen ony şol altyn guýmasy hökmünde görüber» diýdi. Hum eýesi bu teklibe ör-gökden geldi. Goňşusy:«Barybir bütin durmuşyňda sen ony ulanyp, peýdalanyp, keýpini-hözirini görüp bilmejek bolsaň, ol ýere gömüljek daşyň haýsy gymmatlykdaky daş bolmagynyň näme tapawudy bar?» diýip, bu teklibini düşündiripdir. Bu ýönekeýje kyssadan durmuş sapagyny alyp bolýar. Käbir adamlar özlerindäki gymmatbaha zatlara şeýle bir berilýär, özleri şol zadyň bendi-ýesirine öwrülýärler. Onuň hözirini görüp, özlerine hyzmat etdirmegiň deregine, ähli pikirlerini, güýç-gaýratlaryny, yhlaslaryny şonuň hyzmatyna sarp edýärler. Harç edýärler. Ine, gorkynyň bütin durmuşymyza ýetirýän täsiri. Gorky gözlerimizi baglaýar we işleriň hakykatyna düşünmekden saklaýar. Nämedir bir zady ýitirmek gorkusy seni onuň ýesirine öwürýär duruberýär. Pygamber alaýhyssalam zatly bolmagyň hakyky manysyny açyklanda çuňňur manyny berýär: «Adam ogly: «Malym-halym--baýlygym» diýer. Ýöne iýip-içeniňden, sadaka bereniňden ýa-da özüňe siňdireniňden, geýip tozduranyňdan başga zat seniň malyň bolup bilmeýär». Zatly bolmagyň, zada eýe bolmagyň hakyky manysy, eger-de şolzat seniň hyzmatyňa ýaraýan bolsa, haýry degýän bolsa, seniňkidir. Saňa haýry degmeýän zady, hatda öz adyňda durandygyna garamazdan, özüňki däl ýaly duýuber. Demir sandyklaryň içinde agzy gulply ýatan bihasap mukdardaky puluň eýesi garyplykdan we mätäçlikden ejir çekýän bolsa, onça baýlyk derdine ýaramaýan bolsa, ol pullaryň, nämä haýry bar? Öňki bölümlerde biz heniz ýetmedik derejesinde ýaşaýan, ellerinde ýok zat bilen sapa sürmäge ymtylýan adamlar hakda ýatlapdyk. Bu bölümde bolsa ýagdaýy-gurby bolubam, ýaşamaly derejesinden has pes ýagdaýda bolýanlaryň söhbedini etdik. Şeýdip, olar ellerinde bar baýlygyň hözirini görmekden özlerini mahrum edýärler. Beýle adamyň nebsi-dünýäsi, onuň syrnyhlygy, husytlygy we baýlyk-hazynasy hakda oýlandym. Her täze gün onuň wawwaly derdi, aladasy, birahatlygy. Onuň bolşy ertirine, Allanyň ýetirjek rysgyna ynanmazçylygyň alamaty. Adamlara ynamsyzlyk bilen bakmagyň nyşany. Şeýle adamlar özleriniň ýaşaýan durmuşyny jähennemiň bir bölegine öwürýärler. Olaryň dartgynly we galagoply ýagdaýlary, gorky-ürküleri, gazananyny maşgalalaryna harç etmezlikleri, elini açmazlyklary ýanýoldaşynyň we bala-zürýatlarynyň öňündäki jogapkärçiligi ödemezlikdir. Olar imisala we rahat adamlaryň tersinedir. Imisala adamlaryň ertesinden gorkusy ýok. Elinde bar zady isrip etmezden we gysganmazdan özüne dözüp bilýärler. Her ätjek ädimini, etjek işini ölçerip dökýärler. Sebäplere we pursatlara ýapyşýarlar. Sebäplere görä hereket edýärler. Mahlasy, Allatagalanyň bagyş eden naz-nygmatynyň, akyl-zehininiň eşretini gör. Husyt-syrnyh bolma, hözirden özüňi mahrum etme. Allanyň berenini özüňe dözüp bilseň, Ýaradan özüňe we haýra siňdiren her zadyň öwezini esseläp dolýandyr.

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary»

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 295 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 297 okalan

KESIR