«ARKADAGLY ÝAŞLAR» ŽURNALYNYŇ TÄZE SANY OKYJYLARA ÝETIRILDI

     Şöhratly ýylyň şanyna şan goşan taryhy wakalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sanynda öz beýanyny tapdy. Žurnalyň şu ýyldaky altynjy sany ýakynda elektron görnüşde okyjylar köpçüligine ýetirildi.

     Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewanyň «Uzak ýaşa, Arkadag!» atly uly göwrümli şygry bilen açylýan žurnalyň ilkinji sahypalarynda Arkadag şäheriniň bir ýaşamagy mynasybetli dabaralara we seslenmelere hem orun berilýär. Şeýle hem žurnalyň ilkinji sahypalaryndan bu şäheriň monumental sungaty baradaky rus dilinde paýlaşylan makalany hem okap bilersiňiz.

     «Toý toýlanýar medeniýetiň şanyna» atly makala, adyndan hem belli bolşy ýaly, Medeniýet hepdeliginde bagyşlanypdyr. Žurnalyň täze sanynda ýerleşdirilen raýat jemgyýetiniň ösüşinde Ýaşlar guramasynyň ornuna bagyşlanan makala hem diýseň täsirli çykypdyr.

     «Ruhy päkligiň baýramy» atly makalada Gurban baýramyny taryp edilýän bolsa, «Talyp ýüregi joşanda» atly makala «Talyp joşguny ― 2024» atly döredijilik festiwalynyň netijeli gadamlaryny beýan edýär. Okyjylar şol sahypalardan ýaşlaryň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde üstümizdäki ýylda ýeňiji bolan zehinli ýaşlaryň çykyşlaryny hem okap bilerler. «Çaga eziz...» atly makala möhüm meseläni gozgaýşy bilen ünsi özüne çekýär. Bagtyýar döwrüň bagtyýar nesilleri baradaky söhbet «Bagt guşunyň bilbilleri» atly makalada hem dowam etdirilýär. Žurnalyň döredijilik topary çaga terbiýesine bagyşlanan makalalaryň tapgyryny dowam edip, şu sahypalarda «Çaga terbiýesinde mekdebiň we maşgalanyň orny» atly täsirli makalany hem paýlaşypdyrlar. Ýene-de şol sahypalarda iňlis dilinde ýerleşdirilen makalada bagtyýar çagalyk wasp edilýär.

     Rus dilinde ýetirilen indiki makalada Arkadagly ýaşlaryň milli jemgyýetimizdäki ornuna üns çekilýän bolsa, iňlis dilindäki makalada ekologiýany goramagyň möhüm wezipelerinden söz açylýar. «Keşdeçilik sungatynda akgaýma nagyşlarynyň aýratynlygy» atly makala hem okyjylar üçin gyzykly bolup biler.

     «Sagdyn hem bagtyýar geljek üçin» atly makala iýun aýynda bellenilen Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanypdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri bilen bir hatarda welosiped sportunyň ösdürilmegine hem aýratyn ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegi, ilatymyzyň welosiped sporty bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmasynyň ýokarlanmagy, ilatyň saglygyny goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda Türkmenistanyň alyp barýan döwlet syýasaty bilen aýrylmaz bagly bolup durýar. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de welaýat merkezlerinde dürli ýaşdaky raýatlary birleşdirýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň geçirilmegi hem muňa aýdyň mysal bolup durýar.

     Žurnalyň indiki makalasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan makalalary hem okap bilersiňiz.

     «Sanly dünýä: Ýaşlar. Ösüş. Geljek» atly makalany neşiriň şu sanyndaky iň täsirli çykyşlaryň biri hasaplap bolar. Onda gozgalýan pikir ähli aýdyňlygy bilen okyjylara ýetirilýär. Bu makalada hususan-da, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alyp, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek işlerini sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, has-da döwrebap ýerine ýetirmek maksady bilen, guramanyň elektron saýtyny döwrebaplaşdyrmak we mümkinçiliklerini has-da giňeltmek boýunça degişli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy barada aýdylýar.

     Okyjylar «Akyldar şahyryň belent sarpasy», «Защита культурных ценностей в Туркменистане», «Umumadamzat ähmiýetli şahyr» atly makalalardan medeni-mirasyň hukuk goraglylygy dogrusynda, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň dünýä beren gymmatly eserleri dogrusynda gyzykly maglumatlary alyp bilerler.

     Çeper döredijilige bagyşlanan sahypalardan bolsa «Ýatlama» atly hekaýany, «Ýollar» atly oýlanmany, dünýä edebiýatynyň meşhur eserleriniň birinden edilen terjimäniň ýene bir bölegini hem-de ýurdumyzyň ýaş şahyrlarynyň birnäçesiniň täze döreden şygyrlaryny okap bilersiňiz.

     «Suw ― ýaşaýşyň gözbaşy» atly makalada tebigata, onda-da agyz suwa aýawly çemeleşmek barada pikirler ýöredilýär. Makalada ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary çygrynda ekologiýa, hususan-da suw bilen bagly başlangyçlary barada giňişleýin beýan edilýär. «Seýilbaglaryň şäheri» atly makalada merjen paýtagtymyza mahsus aýratynlyklaryň biri öz beýanyny tapýar.

     Neşiriň täze sany «Magtymguly Pyragynyň watançylyk paýhaslary» atly makala, peýnirli lawaşyň taýýarlanylyşy baradaky maglumat, şeýle hem «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň nobatdaky ýeňijisi baradaky gysga çykyş bilen tamamlanýar.

     Bir ýarym ýaşly elektron žurnalyň täze sanyndaky her bir makala kämil dizaýnerçilik işi bilen bezilipdir. Bu bolsa neşiriň okyjylar üçin has täsirli bolmagyny üpjün edýär.

 

Gurban MYRADOW,

“Arkadagly Ýaşlar” elektron

žurnalynyň jogapkär kätibi.