GALLAÇY ÝAŞLAR HÖWESLENDIRILÝÄR

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň gallaçylary 30 müň gektarda guşgursak ak bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirip, şu günler orak möwsümini gowşamaýan depginde alyp barýarlar. Häzirki jogapkärli günlerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri gallaly meýdanlarda, şeýle-de meýdan düşelgelerinde bolup, gallaçy ýaşlar bilen duşuşýarlar, olaryň armalaryny ýetirýärler, öňdebaryjylary sylaglaýarlar. Bu bolsa, gallaçylary zähmet üstünligine ruhlandyrýar.

     Galla – ýurdumyzyň mukaddes baýlygy, azyk bolçulygynyň gözbaşy. Şoňa görä-de, yhlas bilen ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnamak möhümdir. Gallaçy ýaşlar bilen bolýan duşuşyklarda hem  bu hakdaky gürrrüňe aýratyn ünsi çekýäris. Şeýle duşuşyklar we höweslendiriş çäreleri galla oragynyň depginine oňyn täsirini ýetirýär. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de gallaçy kärendeçileriň, kombaýnlary erk edýän mehanizatorlaryň, hasyly kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşýan awtoulaglaryň sürüjileriniň arasynda ýaşlaryň köp sanlysynyň bolmagydyr. Olar häzirki jogapkärli günlerde päk zähmetiň asyl nusgasyny görkezýärler.

 

Leýli BEGENJOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Fewral 2025 | 0 okalan

BAGTYÝAR ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

21 Fewral 2025 | 70 okalan

MEKDEP OKUWÇYLARY TENNISDE BÄSLEŞDI

21 Fewral 2025 | 75 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA BAGYŞLANDY