Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň meýilnamasy esasynda çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde gyzykly çäreler geçirilýär. Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýat Polisiýa müdirliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümi bilen bilelikde guralan «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» atly sport ýaryşlary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlaryň birnäçesiniň gatnaşmagynda bolan ýaryşlar çekeleşikli häsiýetde geçdi. Bagtyýar çagalar sportuň hereketli oýunlar, kiçi futbol, şaşka, küşt görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Çagalaryň şadyýan dynç almagyny, sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmegini gazanmak, olarda sporta bolan höwesi ýokarlandyrmak hem-de höweslendirmek maksady bilen geçirilen ýaryşda güýçli toparlar öňe saýlandy.
Ýaryşyň netijesinde sportuň hereketli oýunlar görnüşinde «Merdana nesil», kiçi futbolda «Bagtyýarlyk», şaşkada «Ruhubelent», küştde «Galkan» topary ýeňiji boldy. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şol gün gürrüňi edilýän merkezde çagalaryň arasynda surat çekmek boýunça bäsleşigiň, şeýle-de sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän duşuşygyň hem geçirilendiigini bellemek gerek.
Annamuhammet GULOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň bölüm müdiri.