ŞATLYK MEKANY GÖKDERE

     Ýakynda şeýle at bilen at bilen  Gökdere jülgesindäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde guramagynda geçirilen döredijilik bäsleşigi diýseň gyzykly boldy. Ahal welaýat häkimliginiň garamagyndaky agzalan merkezdäki bäsleşige ol ýerde wagtyny şadyýanlykda geçirýän çagalaryň uly topary gatnaşdy.

     Bagtyýar çagalar surat çekmekde, aýdymdyr sazlary, milli tanslary ýerine ýetirmekde ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň şertleri esasyndaky çykyşlar ýaş nesliň sungata höwesdir söýgüsiniň ýokarydygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Ylaýta-da, çagalaryň şekillendiriş işlerinde tebigatyň gaýtalanmajak gözelligini, dag jülgesiniň özboluşly aýratynlygyny, dynç alşyň ajaýyp pursatlaryny başarjaňlyk bilen şöhlelendirmegi hemmelerde ýakymly täsirleri peşgeş berdi. Bagtyýar nesliň ýerine ýetiren joşgunly aýdym-sazlarynda, tanslarynda bolsa, gözel Watanymyz, bagtyýar çagalyk wasp edildi.

     Özboluşly sungat baýramçylygyna öwrülen bäsleşigiň ýapylyş dabarasynda onuň guramaçylykly geçendigi,  çagalaryň işjeň gatnaşandygy aýratyn bellenip geçildi. Onuň barşynda ýeňijilere jemgyýetçilik guramalarynyň sowgatlary gowşuryldy.

 Nurgeldi ÖWEZMYRADOW,
TMÝG-niň  Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA