GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň gurnamagynda Gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda aýdym aýtmak, goşgy okamak, özleriniň ýerine ýetiren milli el işleriniň sergisi boýunça özara bäsleşik geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çagalaryň tomusky dynç alyş günleriniň gyzykly, şadyýan, netijeli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen, guralan bu çäre örän täsirli bolup, onda körpeler özleriniň döredijilik we hünär ukyplaryny görkezdiler.

     Bäsleşikde tapawutlanan çagalara TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan körpe nesiller özlerine döredilýän ajaýyp şertler üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Arslanmyrat REJEPMYRADOW,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.

Meňzeş habarlar