BAGTYÝAR NESILLERIMIZ RÖWŞEN ÝOLLARA TARAP

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly, şadyýan geçirmekligini maksat edinip, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamaklykda, Gökdere jülgesindäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagadyş we dynç alyş merkezinde aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Çärä gelen myhmanlar körpeleriň yhlas bilen döreden ajaýyp işlerini guralan sergide synlap, olaryň ýerine ýetiren aýdymlaryndan, tanslaryndan ruhy lezzet aldylar. Dabara gatnaşan çagalara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komiteti hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagy, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

 

Rüstem MÄMMEDOW,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar