Düýe çaly teşneligi gandyrýan, saglyga oňyn täsirini ýetirýän şypaly içgileriň biridir. Tomus paslynda düýe çalynyň lezzeti has üýtgeşikdir. Çeşmelere salgynansaň, düýe çaly halk lukmançylygynda ozaldan ulanylyp gelinýär. Ol dürli keselleri bejermekde deňi-taýy bolmadyk häsiýete eýedir. Iýmit siňdiriş ýollarynda ýüze çykýan näsazlyklarda, bagyr agyrysynda hem onuň peýdasy az däldir.
Düýe çaly bedeniň gyzgynyny peseldýär, kesel sebäpli tapdan düşen näsaglary dikeltmäge ýardam edýär. Yzygiderli çal içýän adamyň işdäsi hem-de şähdi açyk bolýar, ylaýta-da mineral duzlaryň we ýokumly maddalaryň köp ýitirilýän döwri bolan tomus paslynda düýe çalyny içmek hökmanydyr. Ol yssy howada der bilen ýitirilýän witaminlerdir makro-mikroelementleriň öwezini dolýar.
Düýe çaly gepatit (sarygetirme) kesellerini bejermek üçin hem dermandyr. Onuň düzüminde ýod bolansoň, çiş kesellerine garşy hem ulanylýar. Şeýle-de çalyň düzüminde dokumalarda täze öýjükleriň emele gelmegine hem-de bedendäki bolup geçýän madda çalşygynyň kadaly bolup geçmegine itergi berýän birnäçe beloklar jemlenendir. Çalyň düzümindäki witaminler bedende ýaglaryň alyş-çalşyny hem-de turşadyjy hadysany güýçlendirýär.
Abu Aly Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary“ atly kitabynda düýe çalynyň çagalar we uly ýaşly adamlar üçin iň gowy iýmitdigi bellinilýär. Düýe çaly bilen semizlikden ejir çekýän näsaglaryň bejerilendigi hakynda hem maglumatlar bar. Bu şypaly içgini endamyň goranyş ukyby pes bolan adamlara içmek maslahat berilýär, Düne çaly özüniň himiki düzümi boýunça aňsat özleşýän, oňat siňýän ýokumly iýmit önümidir. Şoňa görä-de, güneşli Diýarymyzda düýedarçylygy ösdürmek ugrunda edilýän tagallalaryň ähmiýeti juda uly bolup durýar.
Jeýhun SAPARGULYÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Ak bugdaý etrap Geňeşiniň başlygy.