ÇAGA TERBIÝESINDE MEKDEBIŇ WE MAŞGALANYŇ SAZLAŞYGY

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady, medeni-durmuş ulgamlary ýokary depginler bilen ösýär. Bu ösüşleriň binýatlyk esasy bolan ylymda-bilimde hem düýpli özgerişler amala aşyrylýar. Bedew batly Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp gitmekde ýaş nesle sazlaşykly bilim bermek bilen bir hatarda, olary milli ruhda terbiýelemek hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar.

     Durmuş syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde häzirki alnyp barylýan özgertmelerde ýaş nesliň döwrebap bilim we terbiýe almagyna aýratyn üns berilýär. Çünki ýaş nesliň bagtly durmuşyny üpjün etmekde olara berilýän terbiýäniň ýokary derejelerde bolmagy örän zerurdyr. Şeýle bolansoň nesil terbiýesi iki sany esasy ugruň sazlaşygy bilen amala aşyrylýar. Bu bolsa terbiýe binýadynyň örän berk bolmagyna özüniň täsirini ýetirýär. Bu esasy iki ugur: maşgala we mekdepdir. Olar biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bularyň has täsirlisi we dowamlysy maşgaladyr. Sebäbi maşgalada akyl taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ynsany terbiýelemegiň ilkinji ädimleri başlanýar.

     Mekdebe çenli terbiýe döwri örän jogapkärçilikli bolup, çaganyň jemgyýetiň agzasy hökmünde kemala gelýän döwrüdir. Diýmek, jemgyýetiň her bir agzasynyň ähli babatda sagdyn bolmagynda ilkinji nobatda maşgala esasy orny eýeleýär. Çaga doglanyndan başlap, dünýäniň gözelliklerini açýan örän gyzykly we täsin ýol geçýär. Özüne hereket etmäge rugsat berilýän zatlar barada pikir öwürmegi öwrenýär. Özünde tiz-tizden döreýän:  «Bu näme? Näme üçin beýle?» diýen ýaly soraglara jogap tapmaga synanyşýar we olary ulularyň kömegi bilen özleşdirmäge ýol açýar. Şeýle ýagdaýlarda çagany dogry ýola ugrukdyrmakda maşgala agzalarynyň sagdyn, milli  ruhumyza esaslanýan terbiýeçilik tejribesi bolmalydyr. Maşgala agzalarynyň her biriniň gatnaşmagynda emele gelýän maşgala terbiýesi örän çylşyrymly ulgam bolup durýar. Şol sebäpli hem jemgyýetiň sagdynlygyny gazanmak üçin terbiýe meselesinde ata-enäniň güýjüni zerur bolan dogry ugra gönükdirmek zerurdyr.

     Mekdep gapysy çaganyň durmuşynda täze bir dünýäni açýar. Bu döwürde mekdep bilen maşgalanyň arasynda işjeň hyzmatdaşlyk emele gelýär. Diýmek, jemgyýetiň her bir agzasynyň sagdyn bolmagynda maşgala esasy wezipeleriniň birini ýerine ýetirýär. Şoňa görä-de, orta mekdebiň maşgala bilen ýakyn gatnaşygy sagdyn jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň  biri bolup durýar. Ata-ene çagasynyň kär-hünär  saýlap almagynda-da, durmuşda öz ornuny kesgitläp bilmeginde-de birnäçe meseleleri çözmäge işjeň gatnaşmaga borçly bolup durýar.

     Umuman, döwrüň, ösen jemgyýetiň talaplaryna laýyk gelýän nesli terbiýelemek üçin, mekdep bilen maşgalanyň arasynda sazlaşykly hyzmatdaşlyk ýola goýulmalydyr. Şeýle hyzmatdaşlygy üpjün etmek üçin bolsa, mekdep we beýleki bilim-terbiýe edaralarynyň her biri ata-eneler bilen ýygjam gatnaşykda bolmalydyr. Çünki sagdyn nesli terbiýelemegiň esasy ojagy maşgaladyr. Sagdyn maşgalada berilýän göreldeli terbiýe bolsa, Watan berkararlygynyň özenidir.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ylmynyň gazananlary bilen milli terbiýe mekdebiniň ýörelgeleriniň sazlaşykly hereket etmegi nesil terbiýesinde maşgala bilen jemgyýetiň güýçleriniň birleşmegine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän uly mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp, nesil terbiýesine netijeli çemeleşmek her bir maşgalanyň, ata-enäniň we mekdebiň esasy borjudyr.

 

Aýjahan DURDYMEREDOWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky

Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar