Ýakynda şeýle at bilen Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Hywaabat jlgesinde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi tarapyndan bilelikde guralan ýaryşa ady agzalan merkezde dynç alyp, saglygyny berkidýän çagalardan düzülen toparlar gatnaşdy.
Ýaryşyň açylyş dabarasynda bagtyýar çagalara sport bilen yzygiderli meşgullanmak we sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermek boýunça gymmatly ündewler aýdyldy hem-de üstünlik arzuw edildi. Bu bolsa çagalara ýaryşda ýeňiş gazanmaga hyjuw berdi.
Kiçi futbol ýaryşyna gatnaşan toparlar özaralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary alyp barmak bilen ussatlygyny görkezdiler. Şol duşuşyklaryň netijesinde güýçli toparlar öňe saýlandy. Netijede «Bagtyýarlyk» topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. Ýeňiji bolan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Begenç ÖWEZOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Kaka etrap Geňeşiniň başlygy.