“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowragyny öndürip, Watana harmanyna tabşyrmagy hem-de galla taýýarlamak boýunça tabşyryga abraý bilen hötde gelmegi ulus-ilimizi begendirdi. Gallaçylarymyzyň nobatdaky zähmet üstünligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen eşretli durmuşda ýaşamaga döwletimiz tarapyndan döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikleriň ajaýyp miwesi bolup dabaralandy.
Bu gün daýhanlarymyz ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalary bilen yzygiderli üpjün edilýär, olara tehniki hyzmatlar, tohum, dökün ýeňillikli bahalardan berilýär, öndürilýän önümler üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şeýle goldaw-hemaýatlar bereketli türkmen topragyndan ak bugdaýyň bol hasylynyň öndürilmegine şert döredýär. Şanly ýylda özleri üçin döredilen şertlerdir mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanan gallaçylarymyz päk we halal zähmetiň asyl nusgasyny görkezdiler. Gallaçy daýhanlarymyzyň gazanan zähmet üstünliginde Ahal welaýatymyzyň zähmetkeşleriniň hem paýynyň uludygy ählimizi begendirýär. Welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary Watan harmanyna ýokary görnüşli guşgursak ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny goşdular.
Galla oragynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, etrap Geňeşleriniň wekilleri bolup, gallaçylaryň arasynda höweslendiriş çärelerini geçirdik. Gysga wagtlyk arakesme wagtlarynda daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde guralan medeni-dynç alyş dabaralarynyň barşynda ýaş gallaçylar, şol sanda kärendeçi ýaşlar, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri bilen duşuşyp durmagymyz hem-de öňdebaryjylara ýörite sowgatlarymyzy gowşurmagymyz möwsümiň depginli alnyp barylmagynda uly ähmiýete eýe boldy. Şoňa görä-de, şanly günlerde gallaçylykda gazanylan zähmet üstünliginde ýaşlaryň saldamly goşandynyň bardygy bizi diýseň buýsandyrýar. Ýygnalan bol galla hasyly halkymyzyň saçagyna bereket dolup dolýar.
Enebaý GELDIMYRADOWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe
etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.