MILLI «AK BUGDAÝ» MUZEÝINDE GEÇEN DUŞUŞYK

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň bilelikde guramagynda Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen duşuşygyna ýaşlaryň uly topary gatnaşdy.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşyjylar, ilki bilen, muzeýe aýlanyp, sergi bölümlerindäki taryhy tapyndylary, şöhratly taryhymyzdan söhbet açýan gymmatlyklary synladylar. Muzeýiň hünärmenleri muzeýde saklanýan taryhy tapyndylar barada gyzykly gürrüň berdiler.

     Ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak, kanunçylygy düşündirmek maksady bilen geçirilen duşuşyk muzeýiň mejlisler jaýynda başlandy hem-de onda täsirli çykyşlar diňlendi. Duşuşykda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygy hakda gürrüň edildi, kabul edilýän kanunlaryň üstünde durlup geçildi we kanunçylyk namalary düşündirildi. Özara sowal-jogap alyşmak häsiýetinde geçen duşuşyga gatnaşanlar ulus-ilimizi baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

umumy bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA