Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça degişli resminama gol çekmegi bilen baglylykda, şu günler Watanymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatynda hem talyplyga dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işi üstünlikli dowam edip, bu möhüm çärä jogapkärli çemeleşilýär.
Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdeplerde ýaşlardan resminamalaryny kabul etmek üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Degişli ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň iş toparlary dalaşgärlerden resminamalary kabul etmek işini degişli talaplara laýyklykda alyp barýarlar. Talyp bolmaga höwes edýän bagtyýar ýaşlaryň belent maksatlarynyň myrat tapmagyny arzuw edýäris.
Rejepgeldi ATAJANOW,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap
Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.