Hormatly Prezidentimiz biziň ajaýyp durmuşda ýaşamagymyz, halal we döredijilikli zähmet çekmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan belent tutumly işleri biziň üçin has arzylydyr. Sebäbi, şol beýik işleriň içinden halkymyzyň ýokary durmuş üpjünçiligi, maşgala abadançylygy we nesil bagtyýarlygy baradaky aladalar eriş-argaç bolup geçýär.
Ýurdumyzda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hem-de “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” üstünlikli hereket edýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ýaş çatynjalara döwlet tarapyndan ähli kömek-goldawlar berilýär. Muňa mysal edip, ýaş maşgalalaryň häzirkizaman dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilýändigini, ýaş çatynjalara öý goşlaryny edinmek üçin ýeňillikleriň berilýändigini buýsanç bilen aýtmak bolar. Ýaşlar baradaky syýasat hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar. Bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlarymyz ýurdumyzyň aýnasy, jemgyýetiň esasy hereketlendiriji güýji bolup durýar. Ykdysadyýetiň köpugurly ýoly bilen gün-günden pajarlap ösýän eziz Watanymyzyň bedew bady bilen ösüşlere bakan öňe gitmeginde, esasan hem ýaşlar, wajyp orny eýeleýär.
Türkmen halky gelin-gyzlaryna hemişe ýokary baha berip, abraýyny arşa göteripdir. “Maşgalam – baş galam” diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar. Sebäbi, döwlet maşgaladan başlanýar. Maşgala – kiçi döwletdir. Maşgalada milli düşünjäniň, jemgyýetde özüňi alyp barmagyň, edep-terbiýäniň düýbi tutulýar. Maşgala ojagynyň abatlygy, synmazlygy, bagtyýarlygy bereketli ojaklaryň ýaraşygy bolan mährem gyz-gelinlerimize baglydyr. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan halkymyzda ynsan beýikligine mahsus bolan mähirlilik, wepalylyk, sypaýylyk, hossarlyk göreldesini dowam etdiriji zenan maşgalasy edep-ekramyň egsilmez gözbaşy, dünýäniň görki saýylýar. Ata-babalarymyzdan bize miras galan “Gyz edebi – il edebi”, “Gelin ojaga çeker”, “Akylly gelin öý diker”, “Öýi öý edýän aýal”, “Är görki – bilik, gyz görki – gylyk”, “Gelniň geldi – geldisi, ogluň boldy – boldusy”, “Maşgala – aýaldan başlaýar”, “Är – öýüň goragy, aýal – öýüň diregi”, “Owadan gelin toýy bezär, akylly gelin öýi”, “Ejesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini” we başga-da birnäçe maşgala babatynda çuň ruhy ahlaklylyga eýlenen paýhasly pähimler dilden-dile, nesilden-nesle geçip gelýär.
Däp bolup gelşi ýaly, erkek adam öýde hojalykbaşy, maşgalanyň özeni hasaplanylýar. Eýsem, nika baglanyşmak bilen, diňe bir är-aýal bolmak däl-de, eýsem ykbal ýolunda duş gelip biläýjek ähli kynçylyklary bilelikde ýeňip geçmek göz öňünde tutulýar. “Sabyrly gul dura-bara şat bolar” diýip, dana ata-babalarymyz aýdyp geçipdir. Edil her bir garaňky gijeden soňra aýdyň ertiriň gelşi ýaly, ähli kynçylyklaryň aňyrsynda, elbetde, hözirli geljek ýatyr.
“Terbiýe – maşgaladan başlanýar”. Perzendiň ýaş wagty ene-atasyndan alan terbiýesi, onuň ömür ýolunda ýanýoldaşy bolýar. Ýaş ýetginjegiň edinen adamkärçilik, hyzmatkärlik, hojalykçyllyk, guramaçyllyk, tygşytlylyk we ugurtapyjylyk ýaly häsiýetleri, geljekde öýli-işikli bolanynda, oňa berk we synmaz maşgalanyň düýbüni tutmakda juda ähmiýetli bolup durýar.
Her bir ynsan arzuwlar bilen ýaşaýar. Bala-çaga ýetişdirmek, ony ylymly-bilimli, öýli-işikli etmek, agtyk-çowluk söýmek her bir ene-atanyň arzuwy. Şeýle arzuwlara beslenip ýaşaýan ene-atanyň öýüniň törüni bezeýän gelniň hyzmatyna buýsanyp, ogul-gyzynyň bagtyna guwanyp ýaşamak duýgusy, megerem, her bir gaýyn ene-gaýyn atany müň mertebe beýgeldýän bolsa gerek.
Biziň taryhyň dürli döwürlerinde 70-den gowrak döwleti gurup, gülledip ösdürip, dünýä medeniýetiniň ösüşine özüniň ägirt uly goşandyny goşan ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bar. Şolardan miras galan, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýän milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz geçmişden geljege geçirilmeli gymmatlyk bolup durýar. Bu mukaddes gymmatlyklary dowam etdirmek ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň iň bir esasy borçlarynyň biri bolup durýar.
Gahryman Arkadagymyz “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp, edebi-filosofiki kitabynda belläp geçen XIII asyrda Kiçi Aziýada bekdaşylyk mekdebini esaslandyran türkmen piri Hajy Bekdaş Weliniň dürdäne setirlerine uýup, “Öýkelemek we gaty görmek üçin bahana gözlemegiň ýerine, söýmek we söýülmek üçin çäreler gözläliň!”.
Goý, döwletli ojaklarymyzda elmydama çaga gülkileri hem-de hüwdi sesleri ýaňlanyp dursun!
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň asuda, abadan, parahat, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk-de üstünliklere beslensin !
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.