Halkymyzyň arasynda zergärçilik, ussaçylyk, küýzegärçilik ýaly senetçilik işleri bilen birlikde, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan dokmaçylyk, tikinçilik, keşdeçilik ýaly hünärler hem häzirki günlerde ýörgünlidir. Täze öwüşgin çaýylyp, nagyşdyr keşde, gaýma bilen bejerilen milli egin-eşikler gözelligiň nusgasydyr. Dürli nagyşlar salynyp, dürli ölçegde dokalan el halylarymyz hem öýlerimiziň bezegidir. Göreniň gözüňi dokundyrýan türkmen halylary, palaslary, dokma önümleri toý-baýramlarymyzyň ýaraşygydyr. Türkmen gelin-gyzlary keçe taýýarlamak işiniň hem ussadydyrlar. Olar bu milli senedimizi dowam etdirijilerdir. Keşde çekmek, dokma dokamak ýaly inçe işler bilen birlikde keçe taýýarlamak hem irginsiz zähmedi talap edýär. Ilki keçe üçin goýun ýüňi saýlanyp alynýar, arassalanýar, tüýdülýär, onuň bir bölegi saýylýar, bir bölegi bolsa darakdan geçirilip sümek, pişge edilýär, gerek boýaglara boýalýar. Ýörite taýýarlanyp dokalan gamşyň üstünde üýşüp keçe güllenilýär. Soňra keçe ýüzlenilýär, ýagny gülleriň üsti saýgylanyp taýýarlanylan ak ýüň bilen örtülýär, gyralaryna gara ýüň ýazylýar. Bu iş ýagdaýyna «keçe ýüzlemek» diýilýär. Soňra gamşy düýrlemek arkaly keçe çekmek işi başlaýar. Umuman, keçe hakda maglumatlar bu senediň kämillik menzillerinden habar berýär. Keçe enelerimiziň döreden ajaýyp önümleriniň biridir.
Dokmaçylyk bilen bagly leksikada enelerimiziň baý senediniň uly bölegi jemlenýär. Mysal üçin, gelin-gyzlaryň senetlerinde ulanylýan gurallaryň, esbaplaryň, oňa salynýan nagyşlaryň atlary, aýry-aýry nagyşlar bilen baglanyşykly gyzykly gürrüňlerdir rowaýatlar, hatda nakyllar ýaşlaryň söz baýlygynyň artmagyna getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz biziň her birimiz üçin okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýär. Milli senedimizi öwrenmek arkaly nesilleriň zähmet ukyplary kämilleşdirilýär. Milli senetler hakyndaky düşünjeler bolsa olaryň watançylyk duýgularynyň has-da ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle bolansoň, her bir milli senet, milli sungat nesil terbiýesinde möhüm orun eýeleýär. Keçe senetçiligi-de şeýle hünärleriň biridir.
Abadan DÖWLETGELDIÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.