Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaşlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, hukuk bozulmalaryny duýdurmaga, jenaýatçylygyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek we olaryň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynda adamyň we raýatyň hukuklary we azatlyklary, olary goramagyň usullary we görnüşleri hakynda bilimliligi we habarlylygy artdyrmak maksady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygy uly ähmiýete eýe boldy.
Onda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ýaşlaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, türkmen halkyna mahsus bolan ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, watançylyk, ynsanperwerlik duýgularyny, raýat jogapkärçiligini terbiýelemek, olaryň başlangyçlaryny goldamak hem-de höweslendirmek we kämil, berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreler ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň we bu ugurdaky kanunçylyk namalaryň esasy ýörelgeleriniň hatarynda kesgitlenendigini bellediler.
Hut şu nukdaýnazardan halkymyzyň iň oňat däp-dessurlaryna, edep kadalaryna laýyklykda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olaryň sagdyn ösmegi hem-de kemala gelmegi üçin has oňaýly şertleri döretmek, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine aň-paýhas, döredijilik mümkinçiliklerini doly amala aşyrmaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek hormatly Prezidentimiziň aýdyň we anyk kesgitlän döwlet ösüşiniň strategik wezipeleriniň birine öwrülendigini nygtap geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyza, bagtyýar halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimli, sagdyn, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp, kemala getirmekde giň mümkinçilikleri döredýän we bu ugurda ýaşlara nusgalyk ýol-ýörelge bolýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, röwşen ömürleriniň uzak, mertebeli başlarynyň belent, aýdyň maksatly tutumly işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň bölüm müdiri.