HALK MASLAHATY – PARAHATÇYLYGYŇ BERK BINÝADY

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň gurnamagynda «Halk Maslahaty – parahatçylygyň berk binýady» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilen sepgitleri, öňde duran wezipeleri halkyň wekilleri bilen ara alyp maslahatlaşmak we oňyn netijelere gönükdirilen çözgütleri kabul etmek bu günki gün asylly däpleriň birine öwrüldi. Çärä gatnaşanlar hem öz çykyşlarynda bu ugurda alnyp barylýan işler, 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyklar barada giňişleýin gürrüň etdiler.

     Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Senem SAHATOWA,

TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

21 Iýul 2025 | 29 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 47 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

18 Iýul 2025 | 51 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI