Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý, Tejen, Babadaýhan, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guralyp, oňa etraplardan gelen ýaşlar höwesli gatnaşdy.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň üstümizdäki ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralan syýahat turuwbaşdan ýakymly täsirlere beslendi. Ýaşlar sergi zallaryna aýlanyp, taryhy eksponatlary uly gyzyklanma bilen synladylar. Muzeýiň hünärmenleri sergi bölümleriniň aýratynlygy, olarda sergilenen gymmatly tapyndylar hakda syýahata gatnaşyjylara gürrüň berdiler.
Syýahatyň çäginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyndan ugur alnyp guralan söhbetdeşlik hem gyzykly boldy. Onda gadymy Änew topragynyň baý taryhy we şu güni buýsançly söhbet açyldy. Bu çärä gatnaşanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy Änewiň taryhy şöhratyny gaýtadan dabaralandyrýan, halkymyzy täze-täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Güljemal ATDAÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň işgäri.