Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Ahal welaýat teleradio studiýasynyň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, zähmet çekmegi, gurmagy, Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň rowaçlyga beslenýändigi dogrusynda täsirli gürrüň etdiler.
Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi, oňa ykjam taýýarlykly barmagyň möhümdigi barada aýdylanlar hem ünsi çekiji boldy. Söhbetdeşlige gatnaşanlar türkmen halkynyň arassa Asmanyň astynda, parahat Zeminiň üstünde bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Röwşen MAKSATMYRADOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.