KITAP — ÝAŞLARYŇ GÖWÜN SYRDAŞY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de Kerim Gurbannepesow adyndaky etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Kitap — ýaşlaryň göwün syrdaşy» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Etrap merkezi kitaphanasynda geçen söhbetdeşlige  edara-kärhanalarda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar, kitaphananyň ýaş okyjylary  hem-de işgärleri gatnaşdy.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşyga gatnaşyjylar ýörite kitap sergisi bilen tanyşdylar hem-de ondan uly täsirleri aldylar. Soňra döredijilik duşuşygyna başlanyp, onda gyzykly çykyşlar diňlendi. Gahryman Arkadagymyzyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan goşgularynyň okalmagy duşuşyga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana işgärleri hem-de ýaş şahyrlar döredijilik dogrusynda çykyş etdiler. Olaryň labyzly okan goşgulary bu çärä baý many çaýdy. Duşuşyga gatnaşanlar halkymyzyň milli medeniýetini has-da ösdürmek ugrunda edýän tagallalary üçin hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

Ogulsenem ÇALOWA,

TMÝG-nyň Ahal welaýatynyň

Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA