DUŞUŞYK ULY TÄSIRLERI DÖRETDI

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Ak bugdaý etrap Geňeşiniň  guramagynda Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli duşuşyk geçirildi. Agzalan müdirlikde zähmet çekýän ýaş işçi-hünärmenleriň gatnaşmagynda bolan duşuşykda Watanymyzda bolup geçýän taryhy ähmiýetli wakalar, döwlet we milli maksatnamalar esasynda durmuşa geçirilýän, il-günümiziň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilen işler, şeýle-de ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi, obalarymyzyň, şäherçedir şäherlerimiziň gözelleşmegi ugrundaky tagallalarda ýaşlaryň mynasyp goşandynyň bolmalydygy barada gürrüň edildi.

     Işjeňlikde geçen duşuşykda şu ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde Türkmenistanyň  Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilýändigi bilen baglylykda,  Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti hakda durlup geçildi. Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy babatda edýän taýsyz tagallalaryna alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Orazjemal ÝOLDAŞOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

TÄSIRLI SÖHBETDEŞLIK

31 Ýanwar 2025 | 0 okalan

DUŞUŞYKLAR IŞJEŇLIGE EÝE BOLÝAR

28 Ýanwar 2025 | 55 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA