Ahal welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat we etrap Geňeşleriniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat şöhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşlikde şanly ýylymyzyň taryhy wakalary we şu ýylyň 24-nji sentýabrynda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýeti barada gürrüň edildi.
Söhbetdelikde ýurdumyzda ýaşlar hakda edilýän aladalar, ýaşlaryň oňat bilim almaklary, öz bilimlerini yzygiderli artdyrmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary, dürli hünärleri özleşdirmekleri, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda netijeli, döredijilikli zähmet çekmekleri ugrunda döredilýän şertler dogrusynda hem täsirli gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada aýdylanlar has-da ünsi çekiji boldy.
Täsirli geçen söhbetdeşlikde ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýaşlar syýasatynyň has-da rowaçlanmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Röwşen MAKSATMYRADOW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.