BASKETBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda «Sport – saglygyň girewidir»  atly şygar bilen, sportuň basketbol görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Çagalaryň tomusky dynç alşynyň täsirli we gyzykly bolmagyny, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini gazanmak, sporta bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen guralan bäsleşik çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Onda «Daýanç» hem-de «Guwanç» toparlary özara bäsleşdiler.

     Netije-de, «Guwanç» topary utuklary boýunça öňe saýlanyp, ýeňiş gazanmagy başardy. Ýeňiji topara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Akjagül AMANOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.