Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat häkimligi bilen bilelikde, welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – röwşen geljegimiziň binýady» atly maslahat geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Maslahatda edilen çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden belleniljek ýurdumyzyň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk dogrusynda giňişleýin aýdyldy. Şeýle-de, geçiriljek mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemleniler hem-de häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, bellenildi.
Maslahata gatnaşanlar rowaç maksatlary durmuşa geçirýän, bizi ösüşleriň menzillerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.
Magsat OTUZOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.