BEÝIK WE ÝAGTY GELJEGIMIZ BABATDA TAGALLALAR

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň Daşoguz welaýat häkimligi, Daşoguz welaýat Adalat bölümi bilen bilelikde guramagynda, «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler jaýynda «Beýik we ýagty geljegimiz babatda tagallalar» ady bilen, «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, hormatly Prezidentimiziň atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň göreldeli nusgalyk ýoluny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek maksady bilen geçirilen söhbetdeşlikde çäräni guraýjy edara-guramalaryň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Duşuşykda edilen çykyşlarda mugallym, esger, ilhalar ynsan bolan Mälikguly aganyň ýaşlara nusgalyk we manyly ömür ýoly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk dogrusynda giňişleýin bellenildi.

 

Aýnur ÝUSUPOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.