SPORT ÝARYŞLARY GURALDY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap Geňeşi, «Pähim paýhas-ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň dynç alşyny gyzykly, täsirli we şadyýan geçirmeklerini gazanmak hem-de ýaşlary sporta höweslendirmek maksady bilen, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Sagdyn durmuşyň gözbaşy sportdur» şygary astynda, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirdi. Ýaryşlar sportuň şaşka we stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça guraldy. Merkezde dynç alýan körpelerden düzülen toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşikler hakyky sport baýramçylygyna öwrüldi. Onda utuk sanlary bilen öňe saýlanan hem-de ýeňiji bolan çagalara Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

 

Kuwwat GALPAKOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 515 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 530 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 1387 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR