TÜRKMENISTANLY KÖRPE KÜŞTÇÜLER MERKEZI AZIÝANYŇ ÇEMPIONATYNDA GOŞA MEDAL GAZANDYLAR

     Küştüň türkmenistanly köpre wekilleri 10-njy awgustdan 18-nji awgusta çenli aralykda Gyrgyzystanyň Respublikasynyň Yssykköl welaýatynyň Korumdu şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň çempionatynda altyn we kümüş medallaryň birnäçesine mynasyp boldular. Sebit çempionaty küştüň nusgawy görnüşi boýunça geçirildi.

Ýaryş türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny Mary welaýatyndan mekdep okuwçysy Aýlar Hemraýewa gazandy. FIDE-niň reýtinginde 1483-nji orny eýelän körpe küştçi ilkinji duşuşygynda garşydaşyndan utulsa-da, soň bassyr dört ýeňiş bilen özüni dürsedi. 6-njy tapgyrdaky garşydaşy bilen deňme-deň oýnan Aýlar ahyrky üç oýundaky bäsdeşini hem ýeňdi.

     Bary-ýogy 7 ýaşly Aýlaryň şu ýylyň baharynda Albaniýada blis boýunça geçirilen dünýä çempionatynda hem ilkinji dörtlüge girendigini ýatladýarys. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowanyň geljegine uly ynam bildirilýän şägirdi milli birinjilikdäki çempionlygyny hem ilkinji gezek şu ýylyň fewral aýynda gazanypdy.

     Sebit çempionatynyň 10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşynda mümkin bolan 9 utugyň 6,5 utugyny toplap bilen «Küşt älemi» atly Türkmenistandaky ilkinji hususy küşt akademiýasynyň türgeni Läle Wepaýewa kümüş medala mynasyp boldy. Umumy netijede ikinji orny eýelese-de, ol bu ýaş derejesindäki çempion, gyrgyzystanly türgen Aimana Saizildaýewany ýeňip, özüniň ukybyny görkezdi.

     Sebit çempionatynda türkmen türgenleriniň ýokary netije görkezendigini aýratyn nygtamak gerek. Çünki ýaryşa Türkmenistandan bäş türgen wekilçilik etdi. Olaryň ikisiniň medallara mynasyp bolmagy gazanylan ýokary netijeden habar berýär.

 

turkmenportal

22.08.2024 ý.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 106 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR