«GALKAN» HOKKEÝ TOPARY TÜRKMENISTANYŇ ÇEMPIONATYNYŇ 10-NJY MÖWSÜMINE TAÝÝARLANÝAR

     Öňümizdäki güýzüň ortalarynda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatyna badalga berler. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý topary 10-njy çempionatda 10-njy çempionlygyny gazanmagy meýilleşdirýär. Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň ýolbaşçysy Jora Hudaýberdiýew türkmen metbugatyna beren interwýusynda «Galkanyň» täze möwsüme görýän taýýarlyklary barada gürrüň berdi.

     Onuň aýtmagyna görä, topar häzirki günlerde türgenleşiklerini diňe bir buzly meýdançada däl, eýsem, dürli-dürli aerobiki maşklar arkaly hem alyp barýar. Toparyň türgenleri futbol, suwda ýüzmek, ýeňil atletika bilen hem ýakyndan meşgullanýarlar. «Galkan» gyşky oýunlar merkezi bolsa toparyň ygtyýarynda.

     Topar häzirki wagtda milli ýygyndynyň kapitany Ahmet Gurbanowyň we ozalky hokkeýçi Guwanç Jepbarowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylarynyň hem agramly bölegi «Galkanda» türgenleşýär. Şeýle bolansoň, häzirki türgenleşikler, şol bir wagtyň özünde, milli ýygyndynyň okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna öwrülýär.

      «Galkanyň» şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçirilen halkara ýaryşyň çempiony bolandygyny hem ýatladýarys.

 

turkmenportal

23.08.2024ý.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 99 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR