Golaýda şeýle sport şygary bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi Görogly etrap bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde, etrabyň 2-nji sport mekdebinde sport çäresini geçirdi. Okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsümi döwründe okuwdan boş wagtlaryny mazmunly geçirmeklerini gazanmak, sportuň bedenterbiýe maşklarynyň ynsan saglygyny berkitmekdäki ähmiýetini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, ýaşlary sporta çekmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen sport çäresinde ýaş türgenler sportuň adaty karate görnüşi boýunça kata görnüşindäki görkezme çykyşlaryny, öz agram derejelerine laýyklykda başa-baş göreşmek arkaly öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Sport çäresinde tapawutlanan ýaş türgenlere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi hem-de etrap bedenterbiýe we sport bölümi tarapyndan Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Kamolbek SOBIROW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.