Ýaňy-ýakynda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi etrap häkimligi bilen bilelikde, etrabyň Dilewar oba medeniýet öýünde Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini halkyň arasynda wagyz etmek maksady bilen, maslahat geçirdi. Oňa etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň, etrap häkimliginiň, saglygy goraýyş, sport hem-de bilim ulgamlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşykda ýerli jemgyýetçilik wekilleri çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklar, ýaýbaňlandyrylýan wagyz-nesihat işleri barada giňişleýin bellenildi.
Maslahat duşuşygyna gatnaşanlar halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, halal zähmet çekmegi we oňat dynç almagy ugrunda döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.
Soltanmyrat ALLABERENOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Şabat etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.