HALK MASLAHATYNA BAGYŞLANDY

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň guramagynda, etrap medeniýet merkezinde «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – röwşen geljegimiziň binýady» atly şygar astynda maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular hem-de etrabyň bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini, alyp barýan işlerini halkyň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň hem-de mährem eneleriň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda Halk Maslahatynyň alyp barýan netijeli işleri, çykarýan oňyn çözgütleri, onuň berýän netijeleri, görülýän taýýarlyklar dogrusynda giňişleýin bellenildi.

 

Berdimyrat KAKAÝEW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Akdepe etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 515 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 530 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 1387 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR