TELEGEPLEŞIK ÝAZGY EDILDI

     Güneşli Diýarymyz şirinden şeker gawunlaryň mekanydyr. Gadymy Tejen topragy bolsa, waharman gawunlaryň bilen meşhurdyr. Ene-mamalarymyz gawundan birnäçe önümler taýýarlapdyrlar. Şonuň bilen baglylykda, gawundan dürli önümleriň taýýarlanyş usul-düzgünlerini ildeşlerimize ýetirmek maksady bilen Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň bilelikde guramagynda etrabyň Bagtyýarlyk şäherçesiniň ýaşaýjysy bakjaçy daýhan Orazgeldiýewlaryň döwletli maşgalasynda telegepleşik ýazgy edildi.

     Gepleşigiň barşynda ussat bakjaçy Saparsoltan Orazgeldiýewa gawunyň görnüşleri, ekilip ýetişdirilişi barada giňişleýin gürrüň berdi. Bagtyýarlyk şäherçesiniň ýaşaýjylary mahrem enesi Enejan daýzanyň gawundan kakyň taýýarlanylyşy, Bossantäç enäniň bolsa sök, eýjan önümleriniň  taýýarlanylyşy barada beren gürrüňleri has-da täsirli boldy. Mundan başga-da, olar gawundan taýýarlanylýan  önümleriň adam saglygyna peýdalary durup geçdiler.

     Telegepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşan bagtyýar zenanlar oba hojalygynyň ösüşine aýratyn üns berýän, daýhanlar hakda uly alada edýän  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, işleriniň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

 

Aýnagözel ANNAMYRADOWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Tejen  etrap

Geňeşiniň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 47 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 123 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 166 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK