GEŇEŞLI IL — DÖWLETLI IL

     Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesiniň medeniýet öýünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen duşuşyk geçirildi. Etrap Ýaşlar guramasynyň guramagynda «Geňeşli il - döwletli il» ady bilen geçirilen duşuşyga edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdy. Onda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyna gabatlanyp, paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletli geňeşleriň biri bolup, taryhy waka öwrüljekdigi  barada aýratyn durlup geçildi.

 

Rejepnur ATAÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň

Bäherden etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar