ETRABYMYZ GÖZELLIKLERE BAÝ

     Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çägi gözelliklere we täsinliklere baýdyr. «Arçman», «Ýyly suw» şypahanalary, «Köw ata» ýerasty köli hem etrabyň uly meşhurlyga eýe bolan ýerleridir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bäherden etrap Geňeşi tarapyndan etrabyň ýaşlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat işlerinde melheme baý şol ajaýyp ýerler barada täsirli gürrüň açylýar. «Köw ata» ýerasty köli boýunça syýahat hem guralýar.

     Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda, zähmet rugsady wagtynda etrabymyzdaky meşhur «Arçman» şypahanasyna gelip, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, Watanymyzyň durmuşynda möhüm orun eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklanmagy, şeýle-de agtyjaklary hem-de çowlugy bilen şypahananyň çägi boýunça gezelenç etmegi hemmelerde, şol sanda etrabymyzyň ýaşlarynda  buýsanç duýgusyny döretdi.

     Şu günler edara-kärhanalarda, geňeşliklerde guralýan wagyz-nesihat duşuşyklarda şol taryhy wakanyň ähmiýeti dogrusynda buýsançly söhbet açylýar. Wagyz-nesihat çärelerimiziň barşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu günü «Arçman» şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygynyň, şeýle-de ozalky binanyň durkuny döwrebaplaşdyrmak işleriniň güýçli depginde alnyp barylmagy barada hem gürrüň berýäris. Bu zatlar üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza buýsanjymyz çäksizdir.

 

Sahabatberdi KÖSÄÝEW,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Bäherden

etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 47 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 123 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 166 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK