BILIM — BAGTLY GELJEGIŇ BINÝADY

     Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň hem-de etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli etrap häkimliginiň mejlisler zalynda «Bilim – bagtly geljegiň binýady» şygar astynda dabaraly maslahat geçirildi.

     Etrap häkimliginiň, bilim işgärleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçen maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek, bilimli, ylymly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary ýetişdirmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary barada gürrüň berdiler. Olaryň nygtaýşy ýaly, ýaşlaryň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly üçin bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler bar. Bu gün ýaş nesilde bilim başarnyklaryny kemala getirmek, okuw dersleriniň mazmunyny baýlaşdyrmak, okatmagyň innowasion serişdelerini, sanly tehnologiýalary peýdalanmak ýaly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň döwrümize mynasyp nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.

     Maslahatyň barşynda Bilimler we talyp ýaşlar güni, şeýle-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmekde öňde duran wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçildi. Bu çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna döredýän giň mümkinçiliklerine ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

 

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,

TMÝG-niň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Ýanwar 2025 | 47 okalan

WATAN GORAGÇYLARYNYŇ ŞANYNA

27 Ýanwar 2025 | 123 okalan

TÜRKMENIŇ NEPIS SUNGATY

25 Ýanwar 2025 | 166 okalan

ŞANLY ÝYLYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN DUŞUŞYK