Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, «Maslahatly il myrada ýeter» atly maslahat geçirdi. Onda çäräni guraýjy guramalaryň wekilleriniň hem-de olaryň işjeň agzalarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlaryň özenini «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden belleniljek ýurdumyzyň Baş baýramy – Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk, oňa gatnaşjak wekilleri saýlap-seçip almak boýunça ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň alyp barýan işleri baradaky gürrüňler düzdi. Şeýle-de, mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemleniler hem-de häzirki talaplardan, täze ykdysady şertlerden ugur alnyp, täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, çykyşlarda bellenildi.
Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşleriň ak ýolundan röwşen geljege tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna ýüreklerden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Nurýagdy GALPAKOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň baş hünärmeni.