Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň bilim bölümi bilen bilelikde, 1-nji çagalar bagynda terbiýelenýän çagalaryň arasynda «Nesilleriň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy» atly sport çäresini geçirdi. Körpe nesilleri ýaşlykdan bedenterbiýe maşklaryna uýgunlaşdyrmak, berk bedenli, sagdyn nesilleri kemala getirmek maksadynda geçirilen sport bäsleşigine çagalar bagynyň uly ýaşly çagalar toparlarynda terbiýelenýän körpeler gatnaşdylar. Onuň dowamynda körpeler toparlara bölünişip, päçgelçilikden ylgap geçmek, halkajyga top oklamak, ýüp çekmek ýaly sportuň görnüşleri boýunça ýaryşdylar. Şatlyk-şowhunly, çekeleşikli geçen sport ýaryşy has ökdeleri ýüze çykardy. Bäsleşige gatnaşan körpelere Ýaşlar guramasynyň ýerli Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Täjigül GYLYJOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.