Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat hem-de Daşoguz şäher Geňeşleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty – röwşen geljegimiziň binýady» atly maslahat geçirdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahatda çäräni guraýjy guramalaryň wekilleriniň hem-de olaryň işjeň agzalarynyň çykyşlary diňlenildi. Çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän ýokary derejedäki taýýarlyk, oňa gatnaşjak wekilleri saýlap-seçip almak boýunça ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň alyp barýan işleri barada giňişleýin bellediler. Mejlisde döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemleniler hem-de täze taryhy döwürde öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar diýlip, çykyşlarda bellenildi.
Mämmetjan BABAÝEW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.