Ýakynda Görogly etrabynyň Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde «Maşgala mukaddesligi-öý-ojaklarymyzyň gelşigi» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Oňa etrabymyzyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlar, mährem eneler gatnaşdy.
Gelin-gyzlarda halkymyza mahsus asylly gylyk-häsiýetleri kemala getirmek, ýaş maşgalalaryň arasynda maşgala mukaddesligini gorap saklamak maksady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda zenanlar barada edilýän aladalar, döredip berilýän mümkinçilikler, olaryň jemgyýetdäki we maşgaladaky orny dogrusynda, şeýle-de türkmen zenanyna ar-namyslylyk, haýalylyk, edep-ekramlylyk, düşünjelilik, asyllylyk, çeperçilik ýaly oňat häsiýetler ýaraşýar diýip, enelerimizden miras galan gylyk-häsiýetleri ýaş gelin-gyzlarymyzyň özlerine endik edinmelidigini bellediler.
Wagyz-nesihat duşuşygynda çykyş eden zenanlar ýurdumyzda zenanlara, mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza aýratyn hormat goýýan, her bir maşgala ojagynda agzybirligiň, abadanlygyň we bagtyýarlygyň höküm sürmegi üçin ýadawsyz aladalar edýän Hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.
Altyn ATAKOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.