DÖWREBAP BILIM ULGAMY ÖSÜŞ ÝOLUNDA

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi Daşoguz welaýat Baş bilim müdirligi bilen bilelikde, welaýat kitaphanasynda «Döwrebap bilim ulgamy ösüş ýolunda» atly maslahat hem-de kitap sergisini geçirdi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen çärä bilim ulgamynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli gutlaglara giň orun berildi. Şeýle-de, çykyş edenler ýurdumyzda üstünlikli dabaralanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty, bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitler we öňde goýlan maksatlar dogrusynda giňişleýin, buýsançly bellediler. Maslahatyň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy. Oňa gatnaşanlar ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

 

Orazgül AMANMÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

18 Sentýabr 2024 | 0 okalan

REŇKLER BIZE NÄMELERI ÖWREDÝÄR?

17 Sentýabr 2024 | 39 okalan

DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

13 Sentýabr 2024 | 60 okalan

SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERI WAGYZ EDILDI