KÖNEÜRGENJE GEZELENÇ GURALDY

     Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi, ýerli Geňeşiň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna «Geçmişden geljege nur salýan medeniýet» ady bilen, gezelenç çäresini gurady. Gezelenç ýaş nesliň milli mirasymyza, şöhratly taryhymyza, gadymy ýadygärliklerimize bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirildi. Onuň dowamynda «Daşmetjit» halk hünärleri muzeýinde baryldy. Muzeýiň ýörite wekili gezelenje gatnaşanlara ýadygärlikleriň gelip çykyş taryhy, gadymy tapyndylar dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Bu gezelenç özüniň täsirliligi bilen aýratyn tapawutlandy.

 

Gülnahal DÄDEBAÝEWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

25 Iýun 2025 | 510 okalan

ÝAŞ TÜRGENIŇ ÝÜREK BUÝSANJY

25 Iýun 2025 | 518 okalan

TARYHY BAÝ EZIZ ÜLKÄM

25 Iýun 2025 | 495 okalan

DOKMA PUDAGY ÖSDÜRILÝÄR