AK ÝOLLARYŇ RÖWŞENI

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat hem-de Daşoguz şäher Geňeşleri, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary we hukuk goraýjy edaralary bilen bilelikde, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda «Ak ýollaryň röwşeni» atly wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýaşlaryň arasynda ýol hereketiniň düzgünlerini we kadalaryny wagyz etmek maksady bilen geçirilen çärede çäräni guraýjy edara-guramalaryň wekilleri ýol hereketiniň düzgün-kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermekleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

 

Çynar MÄMEDOWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar