Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlary we hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlarynyň, taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatynda düýpli öňegidişlikler bilen birlikde halk häkimiýetini kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Şeýlelikde döwletimizde ata-babalarymyzyň döwlet gurluşynda toplan baý tejribesine daýanylyp, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi we onuň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Ynha, şu günler hem agzybir halkymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda geçiriljek bu ählihalk forumynyň nobatdaky mejlisine uly ruhubelentlik bilen taýýarlyk görýär. Çünki jemgyýetimizi milli demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde, türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet ähmiýetli, giň gerimli işlere halk bilen bilelikde badalga bermekde bu syýasy-jemgyýetçilik çäresiniň geçirilmeginiň ähmiýeti uludyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde garalýan meseleler we ylym-bilim, medeniýet, sungat, oba hojalygy, saglygy goraýyş, energetika, nebitgaz, ýeňil we azyk senagaty pudaklarynda öňegidişlikleri gazanmak boýunça kabul edilýän çözgütler döwletimizi ösdürmekde nobatdaky ädimlere öwrülýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerinde döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka öwrüljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmeklige giňden taýýarlyk görülýär. Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler tutuş halkymyzy, şol sanda ýaşlary yhlasly zähmet çekmäge we Watanymyzyň ösüşi ugrunda döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Munuň üçin biz Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.
Gunça HATAMOWA,
TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.