Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda türkmen ýaşlarynyň röwşen geljegi ugrunda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ruhy taýdan galkyndyryp, döwrümiziň ýaş nesillerini beýik ösüşlere ruhlandyrýan taýsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Röwşen ertirlerimiziň dowamaty bolan ýaş nesliň talabalaýyk, döwrebap terbiýelenmegi, bilim almagy, wagtynyň gyzykly we şadyýan geçmegi, netijeli dynç almagy üçin ýurdumyzda alnyp barylýan uly-uly özgertmeleri her ädimde görýäris.
Biz hem Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp döredijilige höwesli körpe nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen dürli mazmunly çäreleri, bäsleşikleri yzygiderli geçirýäris. Şeýle bäsleşikleriň birini Dänew etrabyň 24-nji çagalar bakja-bagynyň körpeleriniň arasynda hem guradyk. Çagalar bagynyň uly toparlarynda terbiýelenilýän körpejeleriň arasynda geçirilen bäsleşik çagalara uly ruhubelentlik paýlady. Bäsleşigiň dowamynda olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, ata-Watanymyzy, gözel tebigatymyzy, enelerimizi wasp edýän goşgylarydyr aýdymlary ýerine ýetirmek boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem çagalar türkmen halk ertekilerini sahnalaşdyrdylar. Bäsleşikde has tapawutly çykyş eden körpejelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Dänew etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Günlerimizi şatlyga, durmuşumyzy bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli işleri rowaç alsyn!
Dursunjemal SARYÝEWA,
TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.