SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen şanly ýylymyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň giň we köp ugurly döredijiligine bagyşlanan dürli medeni çäreler, maslahatlar, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Beýik söz ussadynyň döredijilik dünýäsiniň, dürdäne şygyr setirleriniň ähmiýetini, gymmatyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmek maksady bilen geçirilýän çärelere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleri we agzalary hem işjeň gatnaşýarlar. Golaýda şeýle ähmiýetli çäreleriň birini Lebap welaýat kitaphanasynda hem guradyk. Oňa dürli pudaklarda zähmet çekýän bagtyýar ýaşlar, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri, döwürdeş ýazyjy-şahyrlarymyz we kitaphanaçylar gatnaşdylar.

     «Pyragynyň arzuwlan zamany geldi» diýen at bilen geçirilen söhbetdeşlik duşuşygynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna deňelýän döredijilik dünýäsine bagyşlanan çykyşlara giň orun berildi. Çykyşlarda berkarar döwletimizde türkmen halkynyň kalbynda müdimilik orun alan akyldar şahyrymyzyň döredijiligini giňden öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda halkara derejesinde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine hem aýratyn üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny we şanly ýylymyza bagyşlap özleriniň döreden goşgularyny okadylar.

 

Gülşat ÇARYÝEWA,

TMÝG-niň Türkmenabat şäher

Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 18 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 15 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5941 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER