Kerki etrap häkimligi bilen bilelikde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyga bagyşlap maslahat geçirdik. «Döwletli işler halkyň bähbidine» diýen at bilen geçirilen bu maslahata jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaş hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmekde, döwletimizi ösdürmekde, raýatlarymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna aýratyn ornuň degişlidigi nygtaldy. Bagtyýar ildeşlerimiz bu ählihalk forumynyň nobatdaky mejlisinde hem döwletimiziň barha kuwwatlanmagy we gülläp ösmegi ugrunda oňyn çözgütleriň birnäçesiniň kabul ediljekdigine uly ynam bildirdiler. Halkymyzyň bagtyýar şu güni we nurana ertirleri ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Biz mundan beýläk-de halkyň arasynda bolup, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleri, döwletli tutumlary giň halk köpçüligine wagyz etmekde gaýratymyzy gaýgyrmarys.
Atajan JORAÝEW,
TMÝG-niň Kerki etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.