GEŇEŞLI ILIŇ DÖWLETLI ÝOLY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe güneşli Diýarymyzda ähli ulgamlarda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler ýurdumyzda başy başlanýan giň möçberli işler bilen häsiýetlendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň şu günki bagtyýar durmuşynyň we röwşen geljeginiň bähbidine amala aşyrýan tutumly işleriniň netijesinde ilatyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha gowulanýandygyny her ädimde görmek mümkin. Häzirki döwürde eziz halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmek, döwlet ähmiýetli meseleleri jemgyýetçilik wekilleri bilen bilelikde maslahatlaşyp çözmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak wezipeleriniň degişli derejede amala aşyrylmagy zähmetsöýer halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ynha ýakynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine guramaçylykly taýýarlyk görmek, bu ählihalk forumynyň syýasy jemgyýetçilik ähmiýetini halk köpçüligine we ýaşlara düşündirmek maksady bilen Dänew etrabynyň 22-nji çagalar bakja-bagynda  hem maslahat geçirdik.

     «Türkmenistanyň Halk Maslahaty geňeşli iliň döwletli ýoly» diýen at bilen guralan bu maslahata etrabymyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, ilkinji ýaşlar guramalarynyň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda edilen buýsançly çykyşlardan hem görnüşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu günki gün agzybir halkymyz milli ösüşiň belentligine tarap ynamly öňe barýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanjak günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi-de şanly ýylymyzyň taryhyny bezejek wakalaryň birine öwrüler. Ýurdumyzda möhüm meseläni il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak döwletlilik, agzybirlik ýörelgeleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyzda «Geňeşli toý dargamaz», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» ýaly pähimler hem bar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýip belleýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul ediljek kararlar ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, agzybir halkymyzyň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm ähmiýetli meselelere garalmagy halkymyzyň abadan, agzybir, bolelin ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirilýän döwletli işleriň özenini düzer.

 

Jemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Dänew etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 18 okalan

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK DÄPLERINE EÝERIP

22 Noýabr 2024 | 15 okalan

DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

20 Noýabr 2024 | 5941 okalan

MERDANA OGLANLAR BÄSLEŞDILER