TÜRKMEN TÜRGENLERI 7 AÝDA HALKARA ÝARYŞLARYŇ 115-SINE GATNAŞYP, JEMI 391 MEDAL GAZANDYLAR

     Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Hasabat döwründe türkmen türgenleri halkara ýaryşlaryň 115-sine gatnaşyp, jemi 391 (127 altyn, 110 kümüş, 154 bürünç) medala mynasyp boldular. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu barada 30-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewanyň hasabatynda aýdyldy.

     Şeýle-de hasabatda bellenilişi ýaly, Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumy «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edildi hem-de Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan degişli güwänama gowşuryldy.

 

turkmenportal

31.08.2024ý.

Meňzeş habarlar

14 Sentýabr 2024 | 0 okalan

SPORT WE ÝAŞLAR